Türkmenistanyň Prezidentine 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň makroykdysady görkezijileri boýunça hasabat berildi

16-njy fewralda  geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ilkinji aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm 8,2 göterim köpeldi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlar 24,6 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň