Türkmenistanda diplomatik işgärleriň güni bellenildi

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Halkara gatnaşyklary institutynda degişli okuw merkezini döretmek baradaky kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrar.

Soňra dabara gatnaşyjylar institutyň «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine baryp gördüler we bu bilim ojagynyň geçen ýoly hem-de gazananlary bilen tanyşdylar. Bu ýerde diplomatik resminamalar, hatlaryň göçürmeleri, golýazma kitaplar, institutyň düzümleri, halkara maslahatlar hem-de forumlar baradaky maglumatlar, okuw gollanmalary, ylmy işler, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dürli dillerde neşir edilen kitaplary ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.

Institutyň eýwanynda ýörite sergi guraldy, şeýle-de türkmen diplomatiýasynyň taryhyny, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilişini beýan edýän wideofilm görkezildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara syýasatda möhüm orny bolup, ol häzirki zaman gün tertibini emele getirmäge oňyn täsir edýär, abraýdan we hyzmatdaşlarynyň ykrar etmeginden peýdalanýar. Muny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 25 sany Kararnamasynyň biragyzdan goldanylmagy hem aýdyň tassyklaýar. “Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dünýä işlerine diplomatik taýdan gatnaşmagynyň giňeldilmegi, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we berkidilmegi boýunça wajyp çözgütler kabul edildi. Şu döwürde biziň ilçihanalarymyzyň, konsullyklarymyzyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň sany iki esse diýen ýaly köpeldi” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gutlagynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň döredilmeginde we berkidilmeginde, onuň mümkinçilikleriniň açylmagynda, geografiýasynyň hem-de iş ugurlarynyň giňeldilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatynyň bardygyny belledi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu öňdengörüjilikli strategiýa hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygy we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň garaýyşlary beýleki halklara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara esaslanýar. Şahyryň edebi mirasy “siwilizasiýanyň dialogy” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp bileris. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasaty beýik şahyryň hem-de filosofyň pikirleriniň, dünýä we türkmen halkynyň ondaky orny baradaky garaýyşlarynyň dowamydyr.

Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Germaniýanyň, Eýranyň, Italiýanyň we Türkiýäniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem çykyş etdiler. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Döwletimiz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary, konwensiýalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, öz syýasy, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Muňa dürli ulgamlarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen Kararnamalary hem aýdyň mysaldyr. Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda ýurdumyz sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine, olaryň çözgütleriniň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýär.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygy, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Bitaraplyk syýasatyna möhüm orun degişlidir. Bu syýasat döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň mirasynyň, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden eserleriniň hem-de senetçilik sungatynyň BMG-niň derejesinde ykrar edilmegi olaryň dünýä siwilizasiýasy üçin gymmatly ähmiýetini tassyklaýar. Diplomatlar şu ýyl beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini bellediler. Şunda dostlukly döwletleriň ählisi bu çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine öz goşantlaryny goşmaga we olara gatnaşmaga taýýardyr.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine ýokary talaplaryň bildirilýändigine ünsi çekdiler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alyp, diplomatlar Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işleri durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ählumumylaşma şertlerinde halkara gatnaşyklarda türkmen diplomatiýasynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygy bellenildi. Milli diplomatiýa däbe öwrülen we häzirki zaman gurallarynyň hem-de iş ugurlarynyň sazlaşygynyň nusgasy hökmünde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine eýermek bilen, döwletleriň arasynda dostlugyň pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýar.

Halkara meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna deňeçer, yzygiderli çemeleşmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlylyk Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy aýratynlyklary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykdysady, ulag, energetika, ekologiýa, ylym, lukmançylyk, medeniýet, sport ýaly diplomatiýanyň möhüm ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ynamly goşulyşýar, halkara abraýy barha artýar. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňelýär. Şonuň üçin-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermek maksady bilen, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Munuň özi täze hünär ugurlaryny açmak, bilim bermek işine öňdebaryjy sanly tehnologiýalary, innowasion usullary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, düzümi döwrebaplaşdyrylýar.

Şeýle hem parahatçylygy pugtalandyrmakda we ýüze çykýan meseleleri, gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň, ynanyşmagy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň işjeň daşary syýasat ugry örän möhüm halkara meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmakda ýurdumyzyň uly kuwwatynyň bardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň uzak möhletleýin geljekde özara gatnaşyklaryň usullaryny we binýadyny emele getirmek, taryhyň hem-de maksatlaryň umumylygy esasynda bu meselelere bir bitewülikde seretmek, sebit gatnaşyklarynyň esaslaryny döretmek we berkitmek arkaly öňdengörüjilikli çemeleşmäni görkezýändigini bellemek gerek. Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň goldamagynda 2007-nji ýylda Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Häzirki döwürde bu merkez sebitde howpsuzlygy dörediji tagallalary, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak babatda zerur işleri ýerine ýetirýär. Sebitde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlygy, ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy maksady boldy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bu bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň durnuklylygyna goşýan uly goşandy bolup durýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem boldy.

Maslahat tamamlanandan soňra, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň hem-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Diplomatlar stol tennisi, kiçi futbol, woleýbol we bouling boýunça özara bäsleşdiler. Ýaryşlara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, şeýle çäreler dostlugyň pugtalandyrylmagyna we resmi däl gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şol resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmegiň ikinji tapgyry» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek üçin institusional we kanunçylyk gurşawyny berkitmäge ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça zerur bolan derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň üsti bilen satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy; 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy; 

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň we serhetara hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny artdyrmak» atly sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň Türkmenistan boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy; 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Hyzmatlaryň daşary söwda statistikasyny, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň göwrümi barada statistiki maglumaty kämilleşdirmekde ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2008-nji ýylyň milli hasaplarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin maliýe hasaplaryny işläp düzmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; 

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; 

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy bar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň