21-nji fewralda Ýaponiýada Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetinň
Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň
DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan
bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-parlamentara, söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, hususan-da Ýaponiýa bilen
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet
berilýändigini belledi. Şeýle-de, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň halkara we
sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Bu ugurda,
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns çekildi.
Şunuň bilen birlikde, taraplar
ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary barada pikir alyşmak bilen, ýapon
kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda giň gerimli we uzak möhletleýin
maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nazara alyp, geljegi uly taslamalar
boýunça işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň zerurdygyny bellediler.
Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer
ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ünsi çekdiler. Bu babatda,
iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we ýapon dilleriniň okadylmagynyň
ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi.
Gepleşigiň dowamynda Ýaponiýanyň Ministrler
Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň
manysynyň dowamaty” kitabynyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölüminde
türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna ýokary we oňyn baha berilýändigi barada aýratyn
belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ol hyzmatdaşlyk
gatnaşyklarynyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtady we türkmen-ýapon
hyzmatdaşlygyna berýän ünsleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna
minnetdarlygyny bildirdi.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary dowam edýär.