2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanda birnäçe medeni çäreler geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, indiki aýda dürli maslahatlary, duşuşyklary, media-forumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli surata düşürilen kino we dokumental filmleri görkezmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de däp bolşy ýaly, ýurtda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaralar guralar.

Ýurduň «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Nowruz ýaýlasynda, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mart aýynda göz öňünde tutulan esasy çäreleri we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer M.Mämmedowa bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň