Türkmenabatda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

Türkmenabat şäherinde täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrýan günlerine gabat gelmegi täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar raýatlarymyzyň jaý toýlaryny ýatdan çykmajak taryhy pursatlara öwürdi.

Welaýat merkeziniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän, şäheriň ýaşaýjylaryna niýetlenen 2 sany 4 gatly her biri 18 öýli, 1-nji gaty dükanlardan ybarat ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny paýly gurluşyk esasynda «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy ýokary hil derejesinde bina edipdir. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleri meýdany 102,99 inedördül metrden ybarat 2 otagdan we meýdany 124,8 inedördül metre barabar bolan 3 otagdan ybarat bolup, olar gurluşygynyň ýokary hil derejesi, otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, giňligi bilen tapawutlanýar. 

Täze jaýlar myhmanlara, çagalara we dynç almaklyga niýetlenen otaglardan hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr hem-de öýlerde milli däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda welaýat we Türkmenabat şäher medeniýet merkezleriniň ussat aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalarynyň, tans toparlarynyň Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, nurana türkmen dünýäsini wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary, milli ýörelgelerimizi öz içine alýan joşgunly tanslary şowhunly toýuň buşlukçysy bolup alyslara ýaň saldy.

Şeýle hem açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary we dabara gatnaşýan myhmanlaryň, jaý toýlaryny toýlaýan maşgala agzalarynyň hoşallyk çykyşlary ýokary ruhubelentlige beslenip geçen dabara aýratyn röwüş çaýdy. 

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň