Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ýurduň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi. Bu barada TDH habar berýär.
Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta-hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjowy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak çäresi boldy.
Lebap we Balkan welaýatlaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Saýlawçylaryň öz işlerine ýokary baha berendikleri we saýlawlarda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde ynam bildirendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dalaşgärler mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň we Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda ýadawsyz tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar.