Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen jaýlar gurlar

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça nusgalyk işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak boýunça teklibi goldady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň