Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy

Şu gün — 3-nji aprelde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Sergi gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazaryny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekde, daşarky söwdany giňeltmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Gözden geçirilişe söwda toplumynyň kärhanalary we düzümleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşýarlar. Sergi söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Häzirki wagtda olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, işlerini françaýzing usuly boýunça guraýarlar.

Häzirki sergi täze üstünlikleri gazanmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, jemgyýetimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen anyk hereketleri ýerine ýetirmäge itergi berýär.

Sergi üç günläp dowam eder. Forum tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.


Yza

Şeýle hem okaň