Türkmenistanyň Prezidentine Gyrgyzystanyň baştutanyndan hat geldi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onda dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlarynda ýokary döwlet wezipesine saýlanjak täze Prezidentiň Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlan ýoluny dowam etdirjekdigine bolan garaýyşlar beýan edilýär. Hatda şeýle setirler bar:

Siziň golaýdaky aýgytly syýasy ädimiňiziň türkmen döwletiniň durnukly ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Indiki saýlanjak Prezidentiň Siziň başlan ýoluňyzy dowam etdirmegine umyt edýärin. Türkmen döwletiniň bitewüliginiň we ösüşiniň bähbidine Siziň alyp barýan işiňize türkmen halky tarapyndan ýokary baha beriljekdigine ynanýaryn.

Iki halkyň arasynda hakyky doganlygy we ynanyşmagy berkarar etmekde ýurduň Lideri hökmünde Siziň amala aşyrýan işiňiziň ähmiýeti uludyr. Siziň gatnaşmagyňyzda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň berkden-berk tutulan binýadynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna umyt edýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Belläp geçsek, şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmagy ýaş ýolbaşçylara ynanmalydygyny belledi. Şondan soň Türkmenistanda 12-nji martda Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky karar kabul edildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgär dalaş edýär.


Yza

Şeýle hem okaň