«Rysgal» PTB täze hyzmatlary hödürlär

Hökümetiň 19-njy aprelinde geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyza karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlaryny ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň üçin töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy taraplar üçin niýetlenen döwrebap bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň