«Çoganly» ýaşaýyş toplumynda täze bilim edaralary gurlar

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze bilim edaralary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda ýaşlaryň sazlaşykly ösmekleri üçin netijeli işler alnyp barylýar, bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak hem-de ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda ýokarda agzalan bilim edaralaryny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentiligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň