Türkmenistanda ilata edilýän hyzmatlar döwrebaplaşdyrylýar

3-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dört aýynda gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi.


Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalaryň önümçiligi 108,4 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 104,8 göterime, gön önümleriniňki 117,3 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 98-si geçirilip, 9 müň 511 şertnama hasaba alyndy.


Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 110,3 göterime deň bolup, sergileriň 6-sy, maslahatlaryň 41-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 107,2 göterime barabar boldy.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Bu işleriň ählisine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem giňden çekmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

  

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň