Senagat pudagynyň önümçilik binýady pugtalandyrylýar

3-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,5 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 111,6 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 159,3 göterim boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 126,4 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollaryny gurmak boýunça öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem wise-premýere 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň