Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamy dörediler

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.


Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak, olaryň elýeterliligini we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi. Hususan-da, wise-premýer Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda binýatlar ulgamyny döretmegiň we ornaşdyrmagyň tehniki şertleriniňdir tehniki ýumşuň taslamasy barada hasabat berdi.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Pensiýa gaznasynyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, olaryň mümkinçiliginden doly peýdalanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de wise-premýere bu ulgamda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň