Türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisine gatnaşar

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

 

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň