Aşgabatda Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady.


Gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.


Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär. Bu ýerde ýurduň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň ýüzden gowrak wekili öz önümlerini görkezdiler. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli kärhanalar we düzümler, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri bar.


Bular bilen birlikde Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan halkara sergä gatnaşýanlar innowasion tehnologiýalara we «nou-haulara» ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.


Şu gezekki serginiň azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredendigini bellemelidiris.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň