Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, şu günler ýurtda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça öňünden ses bermek işleri dowam edýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylyň 6-njy martynyň ýagdaýyna görä, ýurt boýunça saýlawçylaryň 2,54 göterimi öňünden ses berdi.
Şol sanda:
Mundan başga-da, daşary ýurtlarda döredilen saýlaw uçastoklaryndan bolsa saýlawçylaryň 28,60% irki ses berdiler.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlere irki ses bermek 2-nji martda başlandy. Irki ses berlişik 11-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar.