Türkmenistanyň Adalatçysy bilen ÝUNISEF-iň wekili çaga hukuklarydyr bähbitlerini üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasy edarasynyň başlygy Muhammet Faýazi we Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowanyň duşuşygynda çaga hukuklaryny goramak we öňe sürmek, ýurduň ýaş nesline ýokary hilli bilim bermek, onuň saglygyny goramak we ony hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek babatynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Muhammet Faýazi ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky ähli milli hyzmatdaşlary, şol sanda Adalatçynyň edarasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga baha bermek bilen, onuň oňyn ösüşini belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar peýdaly özara gatnaşyklaryň ozal gazanylan netijelerini bellediler we Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda baglaşylan 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň, 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda milli adam hukuklary meýilnamasynyň, şeýle hem berk durmuş-ykdysady we kanunçylyk binýada esaslanýan 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda çaga hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde mundan soň amala aşyrylmaly çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda çagalaryň we zenanlaryň hukuklary barada aýratyn ugruň döredilmegi, Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň BMG-niň Çaga hukuklary baradaky konwensiýasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak we ösdürmek boýunça dürli çäreler barada ugurdaş hasabat taýýarlamak boýunça bilelikde iş alnyp barylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň üstünlikli mysallary hökmünde bellendi.

Taraplar türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlykdan galan çagalara we döwletiň hem jemgyýetiň aýratyn aladasyna mätäçlere doly goldaw bermekde möhüm orun eýeleýändigine aýratyn ünsi çekdiler. Adalatçynyň edarasynda geçirilen duşuşygyň ahyrynda taraplar düýpli hyzmatdaşlyk üçin birek-birege hoşallyk bildirdiler we çagalaryň bähbidi üçin alnyp barylýan asylly işlerde üstünlik arzuw etdiler.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň