31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 5-nji iýunda “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” ady bilen geçiriljek maslahata oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halkara we sebit guramalarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtly gatnaşyjylar hem goşularlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Okamak