Türkmenistanda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär.

Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny artdyrmak maksady bilen guralan bäsleşige Watanymyza, mähriban topragymyza, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigatymyza we milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşyp, şolaryň 350-si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlandy, 21-si bolsa I, II we III orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan we ýeňiji bolan çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem hormat hatlary gowşuryldy.

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň