Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi

1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine Gazananyň wise-prezidenti hem-de Ýaşulular geňeşiniň agzalary bolan ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulylar gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçen döwürde alnyp barylan işler, Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri we öňde duran wezipeleri baradaky hem-de beýleki dürli meseleler girizildi.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň geljegimiz bolan çagalarymyzyň bagtly durmuşynyň üpjün edilmegine, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilýändigi, türkmenleriň asyrlarboýy öz nesline aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edip gelýän halkdygy, bu däplere halkymyzyň häzirki döwürde-de has-da ünsli garaýandygy bellenildi.

Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary bilen başy başlanan döwletli işler, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär.

Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň döwrebap, anyk maksatlara gönükdirilip, netijeli dowam etdirilmegini üpjün etmek, çagalaryň Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň edýän taýsyz tagallalary, hemaýatlary, goldawlary we howandarlygy bilen özlerini ýakyn hossarly duýmagy, bagtly ýaşamagy, sagdyn we ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Çykyşlarda degişli döwürde Gaznanyň alyp baran işleri dogrusynda durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Gaznanyň halkara derejesinde abraýynyň barha arýandygy nygtaldy. Munuň şeýledigine Gaznanyň döredilen güni mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirilip, şol gün BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň binýatlyk «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin mynasyp bolan güwänamasyny gowşurmagy-da şaýatlyk edýär.

Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin durlup geçildi. Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň aksakallary Ýaşulular Geňeşiniň agzalary hökmünde ýerlerde alyp barýan işleri barada çykyş etdiler.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň