Türkmenistan daşky gurşawy goramakda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Ýakynda  Aşgabatdaky «Bouygues Türkmen» kompaniýasynyň Daşky gurşawy öwreniş we hyzmatdaşlyk merkezinde Türkmenistanyň Pariž ylalaşygy boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmekde öňe gidişini çaltlaşdyrmak boýunça Klimat ösüş hyzmatdaşlarynyň ýedinji utgaşdyryş duşuşygy bolup geçdi.

Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) ýurt edarasy tarapyndan Angliýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.

Duşuşyga BMG-niň gulluklarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik toparlar we ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar, şol sanda USAID, ÝB, Germaniýa Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we hökümete degişli bolmadyk guramalar gatnaşdy.

Duşuşyk, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň ýurduň howa dahylly gün tertibiniň çäginde alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak, şol sanda BMG-niň Howanyň üýtgemegine degişli COP28 maslahatynyň netijeleri barada täzelenen maglumat bermek we 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Bakuda, geçiriljek COP29 maslahatyna taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esas bolup hyzmat etdi.

Duşuşyga gatnaşanlara Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň hasabat talaplaryna laýyklykda, Birinji ikiýyllyk hasabaty we Howanyň üýtgemegi boýunça dördünji milli habary taýýarlamak ýaly ýurt derejesinde kesgitlenen goşantlaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleri, şeýle hem Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamalary barada maglumat berildi.

Halkara hyzmatdaşlar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, şol sanda ýurduň howa babatyndaky meýilnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin bütindünýä tejribe we tehniki goldaw bermek arkaly sazlanan we işjeň hyzmatdaşlyk boýunça tagallalaryna goldaw bermäge çagyrdy.

Howa boýunça hyzmatdaşlaryň Sazlaýjy toparynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär we häzirki işler hem Türkmenistanyň howa üýtgemeginiň täsirini azaltmak, durnuklylygy ýokarlandyrmak we uýgunlaşma çärelerini güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin häzirki işler we meýilleşdirilen taslamalar barada maglumat alyşmak üçin esas bolup hyzmat edýär.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň