Milli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçirilen saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisine salgylanyp habar berdi.
Toparyň başlygy Gulmyrat Myradow häzirki günlerde berlen sesleri sanamak işiniň dowam edýändigini habar berdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, möhüm syýasy çärä 3 435 950 saýlawçynyň 97,12 göterimi gatnaşdy.
Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde özüniň bu ýokary döwlet wezipesinde 15 ýyllap işländigini we mundan beýläk ýaş ýolbaşçylara nobat bermek isleýändigini aýtdy. Şeýlelikde, 12-nji martda Türkmenistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary geçirildi.