Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Bu waka halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem oňyn ösüş häsiýetine eýedir.

Türkmenistanda ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa we beýleki milli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň martynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy lukmançylyk edaralaryna we näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär. Bu gazna Mejlisiň kararyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary we tagallalary türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Gazna döredilen wagtyndan bäri öňde goýlan maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna “Savina” kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat hökmünde gowşuryldy. Raýatlardan we ýuridik şahslardan gaznanyň bank hasabyna gelip gowuşýan serişdeleriň howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek üçin bölünip berilmegi, bejergi çykdajylarynyň tölenilmegi, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin degişli lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmagy asylly däbe öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde gurlan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýär. Bu köpugurly toplumda çagalaryň saglygyny dikeltmekleri we berkitmekleri, terbiýelenmegi, bilim almagy, dynç almagy, wagtyny peýdaly geçirmegi üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulandyr.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmekde keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda, anyklaýyş we öz wagtynda dogry bejeriş işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň ählisinde ornaşdyrylýan döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bu maksatlara hyzmat edýär. Germaniýanyň «B. Braun» kompaniýasynyň iň täze önümleriniň biri bolan gemodializ — “emeli böwrek” enjamlary bedenden daşardaky şertlerde gany arassalamaga niýetlenip, ol häzirki wagtda mälim bolan dializ usuly arkaly bejerginiň islendik görnüşini geçirmäge mümkinçilik berýär. Ol dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän hassalaryň has netijeli bejerilmegini üpjün edip, olaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga şert döredýär.

Şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan şeýle enjamlar Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna sowgat berildi.

Şanly waka mynasybetli guralan dabaraly çärä gatnaşyjylar halkymyzyň saglygyny berkitmek, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek, ýaş nesli sazlaşykly ösdürmek wezipelerine berýän yzygiderli ünsi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň