Türkmenistanyň wekiliýeti Sankt-Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 5-nji iýunda Russiýanyň köp ýyldan bäri Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýän demirgazyk paýtagtynda geçirilýän 27-nji Sankt-Peterburg Halkara ykdysady forumyna (SPHYF-2024) gatnaşýar.

Forumyň bu ýylky esasy mowzugy «Köpgyraňly dünýäniň esasy täze ösüş nokatlaryny döretmekdir» diýen jümle arkaly beýan edilipdir. Guramaçylaryň pikiriçe, Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy pikirleri, çözgütleri we başlangyçlary oňa gatnaşýan döwletleriň jemgyýetçilik durmuşynyň we işiniň ähli jähetlerine laýyklamak bilen, iň ýokary derejede maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýär.

SPHYF-2024-iň iş maksatnamasy dört mowzukdan ybarat: «Dünýä ykdysadyýetiniň köpgyraňly modeline geçiş», «Russiýa ykdysadyýeti: täze aýlawyň maksatlary we wezipeleri», «Öňdeligi üpjün edýän tehnologiýalar» we «Sagdyn jemgyýet, adaty gymmatlyklar we sosial ösüş döwletiň ileri tutýan zatlarydyr». Maksatnamada 150-den gowrak mowzuky mejlisler geçirilip, olara 1000-den gowrak köp ýurtlaryň we sebitleriň wekilleri gatnaşar.

SPHYF-2024-iň maksatnamasynda ilaty gorap saklamak, saglygy berkitmek we adamlaryň abadanlygyny artdyrmak, maşgalany goldamak, her bir adamyň mümkinçiligini durmuşa geçirmegi üçin mümkinçilik döretmek, onuň zehinini ösdürmek, watançy we jogapkärçilikli şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmek bilen baglanyşykly mowzuklara aýratyn üns berilýär. SPHYF-2024-iň soňky gününde, ýagny 8-nji iýunda «Geljegiň güni» şygary astynda halkara ýaşlar ykdysady forumy geçiriler. Onuň maksatnamasyna amaly ugrukdyrylan leksiýalar, ussatlyk sapaklary we ýaşlar üçin wajyp mowzuklar boýunça bilermen dersleri girer.

Forum GDA ýurtlarynyň, Arap dünýäsiniň, Hindistanyň, Hytaýyň, EAEU – ASEAN we Latyn Amerikasynyň söwda hyzmatdaşlary bilen işewür gatnaşyklary ösdürmäge we gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmen wekiliýetiniň agzalary, adatda bolşy ýaly, Sankt-Peterburg Halkara ykdysady forumynyň 2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda boljak umumy mejlisine we beýleki köptaraplaýyn çärelere gatnaşarlar, şeýle hem forumda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary we gepleşikleri geçirerler.

Çeşme:  «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň