Türkmenistanda statistiki hasabatlylyk döwrebaplaşdyrylýar

21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, maglumatlary toplamakda we döretmekde täze usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, döwlet statistikasynyň hyzmatlarynda döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, statistikany ösdürmek boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak” hem-de “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini berkitmek” atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýörite programma üpjünçiliginiň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Ony şu ýylyň 1-nji iýulyndan synaglaýyn esasda, 1-nji oktýabryndan bolsa doly ulanyşa girizmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we statistiki hasabatlylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bu ugurda programma üpjünçiligini ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň