20-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýazky bag ekmek çäresine gatnaşdy. Şeýlelikde, türkmen Lideri bu ýokary döwlet wezipesine sogaply iş bilen girişdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýanyna ýurduň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi we bag nahalyny oturtmak üçin pili gowşurdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek.
Degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy.