23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi. Ýurduň demirgazyk sebitinde ― Daşoguz welaýatynda bolsa bu möhüm oba hojalyk möwsümine 30-njy martda başlanar ― diýip, Döwlet habarlar agentligi (TDH) ýazýar.
Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.
Şu ýyl türkmenistanly daýhanlar 580 müň gektar ýerden «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny almagy meýilleşdirýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda 280 müň tonna, Balkan welaýatynda 10 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 275 müň tonna, Lebap welaýatynda 320 müň tonna, Mary welaýatynda 365 müň tonna pagta hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
«Ak altyn» ýetişdirmäge hususy önüm öndürijiler, şol sanda ýer gaznalarynyň eýeleri, oba hojalyk toplumlary, daýhan hojalyklar hem gatnaşar.
Möwsüme çenli ähli welaýatlarda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri taýýarlandy. Şolaryň hatarynda «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 114», «149 F», «Gubadag — 3», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S — 2606», «Aşgabat — 140» ýaly tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa görnüşlere aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14» görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.
Şu möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň we ekiji gurallarynyň 1708-si, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň 5517-si peýdalanylar.
Dünýä belli “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlar şu möwsümde ekin meýdanlaryna çykarylar.
Tehnikalaryň gije-gündizleýin hyzmatyny ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.
Şu möwsüme etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biokärhanalaryň 485-si taýýarlanyldy. Şolar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.
Möwsümiň öňüsyrasynda oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň okgunly ösüşini, obasenagat toplumynyň ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle hem dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçilere çäksiz ruhy lezzet berdi.
Geçen ýyl türkmenistanly daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altyn» tabşyrandygyny ýatladýarys.