Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisi geçirildi

14-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisi geçirilip, täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwletiň ýaşlar syýasatyny täze döwrüň ruhuna laýyklykda durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek we Türkmenistanda ýaşlar parlamentarizmi ösdürmek hem-de ýaşlaryň döwlet dolandyryş ulgamyndaky tutýan orny bilen bagly beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň ruhy­-ahlak, medeni aň­-bilim, beden taýdan ösüşine, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işine, döwrebap bilim ­terbiýesine hem­-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, şahsy başarnyklaryny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge aýratyn ähmiýet berilýändigi hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisinde çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler.

Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup, ol hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleriň hem-de ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýär.

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaşlaryň hukuk we durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodekslerinde, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda», «Medeniýet hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» başga-da kabul edilen onlarça Türkmenistanyň kanunlarynda bu meseleler öz beýanyny tapýar, diýip çykyş edenler belledi.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza ýaş parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlygyň täzeçe iş usullaryny ýola goýmak barada edýän tagallalary üçin öz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Olar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty ýurdumyzda we  halkara derejesinde giňden wagyz etmekde mundan beýläk hem ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar we Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»


Yza

Şeýle hem okaň