24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Amanow hasabat berdi.
Dabaranyň geçirilýän ýerine barýarka, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ussat sazandalaryň we ata Watanymyzy wasp edýän aýdymçylaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Şondan aňyrrakda behişdi ahalteke bedewine atlanan çapyksuwarlar öwüsýän ýeliň ugruna parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ellerinde saklap, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Bularyň ählisi gadymy milli däplere ygrarly bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde okgunly ösýändiginiň hem-de rowaçlyk ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze ýaşaýyş toplumynyň Dolandyryş binasynda atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýine baryp gördi. Bu muzeý 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda — Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlen gününde açyldy. Onda arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda harby atlar baradaky şahadatnamalaryň nusgalary, döwlet sylaglary, suratlar jemlenipdir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezi girelgesindäki toý bagyny kesdi.
IIM-niň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bularda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow täze jaýa göçüp gelmek bagtyna mynasyp bolan IIM-niň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň sürüjisi Ýazmyrat Çüliýewiň öýüne baryp gördi.
Hormatly Prezidentimiz öýe girip, maşgala agzalaryny täze jaý bilen gutlaýar we otaglaryň ýerleşdirilişi, bu ýerde maşgala agzalary üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. Täze jaý özünde giň eýwany, uly myhmanhana hem-de umumy otaglary, döwrebap durmuş tehnikalary we mebeller bilen üpjün edilen aşhana-naharhanany, hojalyk otaglaryny birleşdirýär. Jaýyň timarlamak işlerinde döwrebap serişdeler ulanyldy. Öýüň giň otaglarynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryna laýyklykda, maşgala dabaralaryny, toý sadakalaryny geçirmek, myhman kabul etmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Kottej jaýlaryň gurluşygynda raýatlaryň ýaşaýyş we durmuş ýörelgeleri, häzirki döwrüň talaplary zerur şert hökmünde kabul edilýär. Olaryň gurluşygynda ýerli çig mallardan taýýarlanan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Täze jaýa göçüp baran köp çagaly maşgala döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerine uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimize hoşallygyň nyşany hökmünde däp bolan toý düwünçegi gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow maşgala agzalaryny täze jaýlary bilen ýene bir gezek gutlady hem-de olara abadançylyk, bagtly durmuş arzuw edip, öý eýelerine toý sowgatlaryny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz täze öýe göçüp baranlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşüp, mähirli hoşlaşdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniňdir miweleriň, öndürilýän azyk önümleriniň sergisini synlady. Degişli düzümleriň kömekçi hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýän ter oba hojalyk önümleriniň bu edaralaryň şahsy düzümlerini üpjün edýändigini bellemek gerek.
Sergini synlanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.