Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň täze düzümini tassyklady

25-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu wezipä saýlanyp, Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi, onda Hökümetiň täze düzümini tassyklamak, döwlet durmuşynyň häzirki meseleleri we aýry-aýry resminamalaryň taslamalary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň 9 orunbasaryny, 17 ministri we 20 pudak ýolbaşçysyny öz içine alýan «Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Muhammedow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz onuň maliýe we ykdysadyýet bilen bagly dürli wezipelerde baý iş tejribesiniň bardygyny belläp, onuň bu wezipäni oňarjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem M.Muhammedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti oňyn iş tejribelerini nazarda tutup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalaryny ozal işläp gelýän wezipesinde galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlar boýunça jogapkärleri bellemek boýunça hem degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, wise-premýerler Ç.Gylyjow Ahal, M.Muhammedow Balkan, E.Orazgeldiýew Daşoguz, Ş.Abdyrahmanow Lebap, S.Toýlyýew Mary welaýatlary, Ç.Purçekow bolsa Aşgabat şäheri boýunça jogapkär bellenildi.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, wise-premýerlere gözegçilik edilýän pudaklarynyň ýolbaşçylary wezipesine bir hepdäniň dowamynda ýolbaşçylary hödürlemegi tabşyrdy. 

Mejlisde Hökümetiň öňünde ilatyň girdejilerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherlerde we obalarda talabalaýyk ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seretmek tabşyryldy.


Yza

Şeýle hem okaň