Ikitaraplaýyn duşuşykda Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

25-nji martda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen bilelikde BSG-na agza bolmak hereketleri we Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça BSG bilen Ylalaşyk boýunça geňeşme duşuşygy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de mejlise BSG-niň sekretariatynyň, UNECE-niň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemileşik utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň BSG-ki Hemişelik wekili, şeýle-de garaşsyz bilermenler gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň depginini belläp geçdiler. Ýurdumyzyň BSG bilen özara hereketleriniň ahyrky maksady – Türkmenistanyň bu Guramanyň dolu hukukly agzasy bolmakdyr.

Duşuşygyň çäklerinde AÖB-nyň tehniki goldawynyň hem-de hemaýatynyň çäklerinde taýýarlanylan Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamanyň işlenilip düzülmegi boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki işleriň derwaýyslygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde BSG-na girmegi hem-de täze şertlerde Türkmenistanyň daşary söwda ulgamynyň, logistika infrastrukturasynyň has hem ösdürilmegi we daşary söwdasynyň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan BSG-de synçy derejesini aldy, şu ýylyň fewralynda bolsa BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistana BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň berilmegi baradaky karar kabul edildi.  


Yza

Şeýle hem okaň