Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

28-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatynda paýtagtymyzyň häkimi R.Gandymow ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk, abadançylyk kadalarynyň berjaý edilişi, şunuň bilen baglylykda, jemagat hojalygynyň gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belledi we şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda ähli işleriň, şol sanda gurluşyk işleriniň bellenilen kadalara laýyk derejede öz möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.

Welaýat häkimleri we wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew sebitlerde oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, ýurt boýunça şu güne çenli jemi 19 müň 561 gektar meýdanda gowaça ekişi geçirildi. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler edilýär. Daşoguz welaýatynda şu ýylyň 30-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işleriň dowam edýändigi barada hasabat berildi.

Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berlip, bu ugurda häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilen 30 müň gektar ýazlyk ýeralma we 10 müň gektar sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi, şu ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilýändigi barada hem aýtdy. Häzir ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýazky möwsümde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg boýunça işler dowam etdirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylyp, şu ýyl Diýarymyzda jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türmenistanyň gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin tehnikalary hem-de gurallary bökdençsiz işletmek boýunça mundan beýläk-de hemme çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri talabalaýyk geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilmegini hem-de beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde badalga berlen ýazky bag ekmek möwsüminiň örän möhümdigine ünsi çekip, ekilýän bag nahallarynyň we olara ideg edilmeginiň bildirilýän talaplara laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli görkezmeler berildi.


Yza

Şeýle hem okaň