Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Olimpiýa oýunlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermegi arzuw etdi.

Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetiniň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda açylyş dabarasy ilkinji gezek stadionda däl-de, şäheriň merkezinde geçirildi. Dabara türgenleriň adaty bolmadyk ýörişi bilen başlandy: Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar Sena derýasynda gaýyklarda ýüzdüler. Wekiliýetleriň ýörişi Austerlis köprüsinde başlandy we olar gaýyklarda 6 kilometrlik ýoly geçip, Eýfel diňiniň öňündäki “Trokadero” meýdançasyna geldiler. Syýahatyň dowamynda türgenler Fransiýanyň paýtagtynyň gözel künjekleri: Notr-Dam, Luwr, Uly köşk, Pon-Nýof köprüsi we beýleki desgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Däbe görä, türgenleriň dabaraly ýörişini Olimpiýa oýunlarynyň watany bolan Gresiýanyň ýygyndy topary açdy. Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşýan toparlaryň ählisi kenaryň ýakasynda gurnalan münberlere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünden geçdiler. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar. Toparyň baýdak göterijisi, dzýudo boýunça “Uly tuwulga” ýaryşynyň ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji çempiony S.Rahimow türkmen türgenleriniň hatarynyň öňüni çekdi. Ol şu ýylyň maýynda Täjigistanda geçirilen «Dushanbe Grand Slam — 2024» ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Indi bolsa oňa dört ýyldan bir gezek geçirilýän esasy sport ýaryşynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň baýdak göterijisi bolmak ýaly jogapkärli wezipe ynanyldy.

Olimpiada — 2024-de Türkmenistana S.Rahimow bilen bir hatarda, dzýudoçy M.Pardaýewa (57 kilograma çenli), ýüzüjiler M.Žalaýew (100 metr aralyga erkin usulda), A.Primowa (100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek), agyr atletikaçy D.Hasanbaýew (102 kilograma çenli) we ýeňil atletikaçy W.Meredowa (100 metr aralyga ylgamak) wekilçilik edýärler. W.Meredowa türkmen wekiliýetiniň düzüminde Olimpiýa oýunlaryna ikinji gezek gatnaşýan ýeke-täk türgen bolup, ol ilkinji gezek 2008-nji ýylda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen Olimpiadada çykyş edipdi. Beýleki türgenler Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş ederler.

Parižde türkmen türgenleriniň öňünde durýan wezipe ýurdumyzyň sport abraýyny has-da artdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurda Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmek, sportda ýokary netijeleri gazanmak meseleleri Türkmenistanyň döwlet syýasaty derejesine çykaryldy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Pariždäki metbugat wekilleriniň habar berşi ýaly, türgenlerimiz ruhubelent we bäsleşige taýýar. Uzak aralyga garamazdan, olar watandaşlarynyň goldawyny duýýarlar. Çünki olar tutuş halkymyzyň agzybirlikde, watançylyk hyjuwy bilen özlerine üstünlik arzuw edýändiklerine ynanýarlar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň