Hytaýda Owganystana goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň çäklerinde Hytaýyň Tunsi şäherinde Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Eýranyň daşary işler ministri Hoseýin Amir-Abdollahiýan türkmen kärdeşi Raşid Meredowy Nowruz baýramçylygy bilen gutlady, diýip eýran habarlar agentligi «Mehr» habar berýär. Mundan başga-da, goňşy ýurduň daşary işler edarasynyň başlygy Türkmenistanyň halkyny 12-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş ýolbaşça wezipesini bermek hakyndaky çözgüdi esasynda wagtyndan öň Prezident saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady.
«Jenap Gurbanguly Berdimuhamedow paýhasly çözgüdi kabul etdi we onuň sebitdäki tejribesi öwgä mynasydyr» — diýip, Hoseýn Amir-Abdollahiýan belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn söwdany artdyrmagyň mümkinçiliklerine, energetika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklaryň meselelerine we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle-de iki tarapy hem gyzyklandyrýan aýratyn sebitleýin we halkara ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.