Aşgabatda ýerli derejedäki jemgyýetçilik hyzmatlarynyň täze nusgasynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

30-njy martda Aşgabatda ýerli derejedäki birleşen we ýokary hilli jemgyýetçilik hyzmatlary boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň Dolandyryş komitetiniň dördünji ýygnagy geçirildi diýip, BMGÖM-iň metbugat maslahatynda habar berilýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň ilatyny Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow we BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýolbaşçylyk etdiler.

Bu çärä Mejlisiň başlygynyň orunbasary we öňdebaryjy pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň başlyklarynyň orunbasarlary, BMG-niň hyzmatdaş agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda öňegidişlige syn berildi we maksatnamanyň gazananlarynyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin gazanylan netijeleri giňeltmek babatda indiki ädimler barada ylalaşyldy.

Gatnaşanlar Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny özgertmekde esasy üstünlikleri bellediler:

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda synag edilýän täze ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik hyzmatlarynyň işi, şeýle hem etraplaryň we ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň jemgyýetçilik işgärleriniň baha beriş maglumatlaryny görkezýän Jemleýji Seljeriş Hasabatynyň netijeleri görkezildi.

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri 2022-2030-njy ýyllar üçin jemgyýetçilik hyzmatlaryny ösdürmegiň Milli meýilnamasyny hödürlediler.

SDG Bilelikdäki gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Jemgyýet derejesinde birleşen ýokary hilli jemgyýetçilik hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny Kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaş guramalary, esasan hem ÝUNISEF, BMGÖM, ÝUNFPA we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýar.


Yza

Şeýle hem okaň