Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz hanym Elizabet Rudy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa köpugurly türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň Prezidentine salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda okgunly ösdürilýän döwletara dialogyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek, howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýändigi tassyklanyldy. Şunda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyna, sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigine üns çekildi.

Söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň iki ýurduň bu ugurdaky bar bolan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine goşýan saldamly goşandy bellenildi. “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri amerikan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlary, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň, beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň maýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylandygy we bu ýerde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, şol sanda amerikan şahyry Lengston Hýuzuň hem heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.

Diplomat Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň özara hoşmeýilli erke esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň