Daşoguzda pagta ekişine badalga berildi

Tassyklanan tertibe laýyklykda, 30-njy martda Daşoguz welaýatynyň daýhanlary pagta ekmäge girişdiler, howa şertleri sebäpli ekiş möwsümi ýurduň beýleki sebitlerine garanyňda biraz giç başlaýar diýip, ýurduň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Şu ýyl ýurduň demirgazyk sebitinde gowaça meýdany 140,000 gektar bolup, 275,000 tonna “ak altyn” ýygnamak meýilleşdirilýär. Welaýatyň daýhanlary pagta görnüşleriniň arasynda «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3», «Jeýhun», «S4727», «F-149», «Ýolöten-39» we beýleki ortasüýümli pagta görnüşlerini has ileri tutýarlar.

Ýaz ekişine başlamazdan ozal, Daşoguz welaýatynda maslahat geçirildi. Etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi-pagtaçylar iň amatly wagtda ekiş işine girişmek, degişli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli alnyp barylmagy, «ak altynyň» we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ekişiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň merkezi Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşigi boldy. Bu ýerde ýurduň demirgazyk sebitiniň oba hojalyk tehnikalarynyň we oba senagat toplumynyň önümleriniň sergisi guraldy hem-de konsert geçirildi. Şeýle hem degişli çäreler Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda we welaýatyň beýleki merkezlerinde gurnaldy. 


Yza

Şeýle hem okaň