Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli meseleleriň birnäçesine seredildi

31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere we milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa 28 ― 29-njy mart günlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada maglumat berdi. Bu ýerde türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly mejlise hem-de bu şanly waka gabatlanyp guralan dürli çärelere we duşuşyklara gatnaşdy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýat häkimlikleri boýunça döwlet eýeçiligindäki desgalary bäsleşikli söwda hem-de gazna biržasy arkaly hususylaşdyrmak; ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk hem-de önümçilik maksatlary üçin jemi 10 müň 545,22 gektar ýer böleklerini hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmaga bermek boýunça işlenip taýýarlanylan teklipler; Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna kalsiý öndürýän önümçiligi ýola goýmak bilen bagly meselelere seredildi.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň netijeleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk, aprel aýynda milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanyp geçiriljek medeni çärelere görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralar, 7-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, şol sanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş we Saglyk ýoluna guraljak gezelenç mejlisde seredilen meseleleriň hataryna girdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 24-nji martynda çykaran Permanyny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin 300 maşgala niýetlenen, ýokary amatlylygy bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi, bu babatda geçirilen bäsleşigiň jemleri seljerilip, “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetiniň teklibiniň seçilip alnandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri S.Muhammetdurdyýew aprel aýynyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ygtybarly esasyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna öz içine medeni çäreleri hem alýan saparyň maksatnamasy hödürlenildi. Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler belent mertebeli myhmana hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, mähriban halkymyzyň baý milli mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Yza

Şeýle hem okaň