Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi ― diýip, Döwlet Habarlar agentligi ýazýar.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. 

Asylly däbe görä, Prezident Ram Nath Kowinde hem-de onuň maşgalasyna duz-çörek hödürlenildi we gül çemeni gowşuryldy

Paýtagtymyzyň howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.

Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Hindistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar.

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugraýar.

Şeýlelikde, Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza ilkinji sapary başlady. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk, şeýle-de şanly seneleriň ikisiniň — türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda geçirilýändigi bilen şertlendirilendir.

Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we hindi halklarynyň, döwletlerimiziň arasyndaky özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň gaýragoýulmasyz wezipelerini, şol sanda täze geljegi uly meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Mahlasy, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam eder ― diýip, çeşme belleýär.


Yza

Şeýle hem okaň