Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Adalatçyny saýlady
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde geçirilen on ýedinji maslahatynda Ýazdursun Gurbannazarowa Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy saýlandy. Bu barada TDH habar berdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, deputatlar tarapyndan Adalatçy wezipesine üç dalaşgär hödürlendi. Maslahata gatnaşyjylar Adalatçyny gizlin ses bermek arkaly saýladylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi «Adalatçyny saýlamak hakyndaky» karary bir agyzdan kabul etdi.
Ýazdursun Gurbannazarowanyň 2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanda ilkinji Adalatçy bolandygyny bellemek gerek. Ýurduň kanunlaryna laýyklykda, saýlanan wekil bu wezipä bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar.
Şahsy taraplaryň salgyt hasaba goyulandygy hakynda şahadatnamasyndaky görkezilen hususy salgyt belgisi
Fiziki şahsyň ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba alnandygy hakynda şahadatnamasynda ýa-da Pensiýa ätiýaçlandyrmasy kitapçasynda görkezilen atly pensiýa hasabyň ätiýaçlandyrma belgisi