Türkmen-hindi gepleşiklerinde özara hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýady tutuldy

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistanda üç günlük saparda bolýar. Bu barada TDH habar berdi.

2-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer, ulag, ylym-bilim ýaly birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alyp barmagyň ähmiýeti bellenildi. Bu ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmagyna uly itergi berer.

Gepleşikleriň çäklerinde Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda alşylan Ähtnama; Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Şeýle-de Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleriniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.

Hindi Lideriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde baý medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy. Ol saparyň çäklerinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna, “Bagtyýarlyk” sport toplumynda ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen “Hindi burçunyň” açylyş dabarasyna, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy.

Şeýle hem hindi Lideri “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýaýbaňlandyrylan dostluk konsertine tomaşa etdi.

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary 4-nji aprelde tamamlanar.


Yza

Şeýle hem okaň