Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer we sebitleriň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen 4-nji aprelde geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda ara alyp maslahatlaşdy.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutany ýurduň welaýatlarynda möhüm oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýüpek gurçugyny idetmek möwsüminiň guramaçylyk meseleleri, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki inženerçilik desgalarynyň gurluşygy baradaky hasabatlary diňledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýerlerde bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklaryny döretmek bilen bir hatarda, ekilen baglara ideg işleri yzygiderli alnyp barylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, aýratyn-da, durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, bu işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bolan şanly seneler barada aýdyp, olaryň, hususan-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.


Yza

Şeýle hem okaň