Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipä bellemek boýunça maslahat geçirdi

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipäbellemek boýunça maslahat geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda aşakdaky ýolbaşçylar bellenildi.

1. Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarow — Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

2. Muhammetseýit Babaýewiç Sylapow — Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellenildi.

3. Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew — Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

4. Toýly Öwezgulyýewiç Mälikow — Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de ol Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň

Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

5. Muhammetguly Hojagulyýewiç Hojagulyýew — «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.

6. Döwletgeldi Annabaýramowiç Amanmuhammedow — Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

7. Batyr Amangeldiýewiç Amanow — Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.

8. Guwanç Welinazarowiç Agajanow — «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

9. Merdan Tejimowiç Rozyýew — «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

10. Guwanç Döwletmämmedowiç Orunow — Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine bellenildi.

11. Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow — Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenildi.

12. Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow — Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine bellenildi.

13. Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow — Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.

14. Nyýazly Myradowiç Nyýazlyýew — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.

15. Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew — Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenildi.

16. Güýzgeldi Baýjanow — Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

17. Begenç Şadurdyýewiç Çaryýew — Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

18. Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýew — «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellenildi.

19. Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewa — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.

20. Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradow — Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellenildi.

21. Orazmyrat Gurbannazarow — Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenildi.

22. Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa — Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellenildi.

23. Atageldi Aşyrowiç Şamyradow — Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine bellenildi.

24. Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesow — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellenildi.

25. Resul Şyhdurdyýewiç Rejepow — Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellenildi.

26. Merdan Amanjanowiç Gazakbaýew — Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.

27. Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow — Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

28. Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýew — Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.


Yza

Şeýle hem okaň