5-nji aprelde ýolbaşçylary wezipä bellemek bilen bagly geçiren maslahatynda Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Muhammetseýit Sylapowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek kararyna gelendigini aýdyp, oňa söz berdi.
Döwlet Baştutany degişli resminamalara gol çekip, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Mundan başga-da, kesp-kärine görä iş gözleýänler bilen iş berijileri utgaşdyrmak işlerini talabalaýyk ýola goýmak, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça sazlaşykly dolandyrmak üçin zerur işleri yzygiderli geçirmek, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de boş iş ýerleriniň hasabaty bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, aýratyn kömege mätäç adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyna ministrligiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyryp, täze bellenen ministre işde üstünlikleri arzuw etdi.