7-nji aprelde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu şanly sene mynasybetli ähli türkmenistanlylary gutlady.
Döwlet Baştutany Gutlagynda Bütindünýä saglyk gününiň dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýandygyny nygtaýar. Bellenilişi ýaly, Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem: «Döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris diýlip, Gutlagda aýdylýar.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.
Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijesidir diýlip Gutlagda aýdylýar.