Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi we bu geňeşiň wezipe-guramaçylyk meselelerine garady.
Döwlet Baştutany ilki bilen ýurduň harby we hukuk goraýyş ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Amanowy başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz bu wezipäni Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň üstüne ýükledi.
Şeýle hem içeri işler ministri wezipesine Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýolbaşçysy bolup işlän Muhammet Hydyrow getirildi. Öwezdurdy Hojanyýazow bolsa içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen:
Batyr Atdaýew ― Baş prokuror;
Begenç Gündogdyýew ― goranmak ministri;
Ýazgeldi Nuryýew ― Döwlet serhet gullugynyň başlygy;
Muhammet Hydyrow ― içeri işler ministri;
Gurbanmyrat Annaýew ― milli howpsuzlyk ministri;
Merettagan Taganow ― adalat ministri;
Maksat Hudaýgulyýew ― Döwlet gümrük gullugynyň başlygy;
Nazar Atagarryýew ― Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipelerine bellenildi.