Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň 14 ýyllygy mynasybetli gurnalan sergi bilen tanyşdy

13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy ― diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimize hasabat berdiler.

Tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe ýurdumyzda ýokary hilli we ekologik talaplara doly laýyk gelýän azyk önümleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy, bu işde telekeçileriň has-da işjeňlik görkezmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we hemmelere üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar. Bu bolsa isleg bildirenleriň ählisiniň hususy önüm öndürijileriň gazananlary bilen tanyşmagyna mümkinçilik berer.


Yza

Şeýle hem okaň