13-nji aprelde Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi.
Täze kärhanany gurmak boýunça taslamany “Eziz dag” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.
Umumy meýdany 9,9 gektara barabar bolan kärhana häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi.
Senagatyň dürli pudaklarynda uly islegden peýdalanýan himiýa senagaty önümleriniň biri hem tehniki ugleroddyr. Mary etrabynda ýerleşen täze zawodyň ulanmaga tabşyrylmagy ýurdumyzda bu önümiň çykarylyşyny artdyrmaga, netijede bolsa onuň eksportynyň mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.