16-njy aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Onda 2-nji aprelde Milli Geňeşiň Mejlisiniň on ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Kabul edilen kanunçylyk namalarynyň arasynda «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem bar. Bu resminama jenaýat-hukuk gatnaşyklary ulgamynda alnyp barylýan ynsanperwer syýasaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Bu kanunçylyk resminamasy jemgyýete we döwlete juda uly howp salmaýan jenaýatlaryň administratiw jenaýat derejesine geçirilmegini we jenaýat jogapkärçiligini öz içine alýan birnäçe jenaýat işleriniň sanawyndan aýyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem, kanunçylyga gabat gelmeýän hereketler üçin salynýan jerimeleriň mukdaryny köpeltmegi göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, mejlisde halkara resminamalary tassyklamak, halkara şertnamalaryna goşulmak, şeýle hem käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek ýaly meselelere seredildi.